TÜRKMENENJAM

Gurluşyk ulgamyndaky innowasion çözgütler

Funksiýalar Biziň bilen habarlaşmak

TÜRKMENENJAM

Gurluşyk ulgamyndaky innowasion çözgütler

Funksiýalar Biziň bilen habarlaşmak

TÜRKMENENJAM

Gurluşyk ulgamyndaky innowasion çözgütler

Funksiýalar Biziň bilen habarlaşmak

TÜRKMENENJAM

Gurluşyk ulgamyndaky innowasion çözgütler

Funksiýalar Biziň bilen habarlaşmak

BIZIŇ ESASY WEZIPELERIMIZ

«Turkmen enjam» HJ Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyklaryň gerimleri boýunça öňdebaryjy orunlaryň birinde mäkäm ornaşandyr.

HÜNÄR USSATLYLYGY

Işe bolan hünär taýdan çemeleşme hem-de jogapkärçiligiň ýokary derejesi gurluşyk önümini döretmäge mümkinçilik döblueýär, bu babatda buýrujylar, ýerine ýetrijiler we ahyrky peýdalanyjylar buýsanýarlar.

MÖHLETLER

Möhletleriň we borçnamalaryň berjaý edilmegi – buýrujylar bilen özara gatnaşyklaryň islendik mazmunynyň aýrylmaz şertidir. Biz sebitdäki ykjamlygyň, hünär ussatlygynyň we bäsdeşlige ukyplylygyň iň ýokary derejeli öňdebaryjy gurluşyk kompaniýasy bolup durýarys.

MÜŞDERILER

Müşderiler biz üçin möhüm işewürlik hyzmatdaşlarydyr, biz olar bilen uzak möhletleýin esasda ynamly özara gatnaşyklaryny döretmäge jan edýäris. Tejribä we hünär ussatlygyna esaslanyp, "Türkmen enjam" HJ her bir buýrujy babatda aýratyn çemeleşmäni tapmak, her birine amatly bolan hyzmatdaşlygyň görnüşini, özara gatnaşyklaryň oňaýly we ygtybarly usullaryny teklip etmek babatda yhlas edýär.

BIZIŇ ÜSTÜNLIGIMIZ

TÜRKMEN ENJAMDAKY IŞLERIŇ HEMMESI YNSAPLYLYK BILEN ÝERINE ÝETIRILÝÄR.

Taslamalaşdyrmadan başlap desgany ulanmaga taýýar edip tabşyrylýança tejribeli tehniki hünär ussatlary elmydama öz mümkinçiliklerine ynamly hem-de gurluşyk we gurnama çäreleriniň geçrilmegini iň ýokary derejede üpjün ederlikli ýagdaýda bolup, şol bir wagtda geçirilýän işleriň birkemsiz hiliniň bellenilen möhletlerde ýerine ýetrilmegini üpjün edýärler.

50%

SELJERME

Gurluşyk desgalarynyň we inžener ulgamlarynyň barlagy.

70%

IŞLENILIP TAÝÝARLAMA

Eskiz taslamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy – geljekki desganyň esasy ölçegleriniň kesgitlenilmegi we işlenilip taýýarlanylmagydyr: onuň binagärligi, stili, daşky görnüşiniň we içki gurluşynyň esasy ugry. Olar buýruja geljekki desga boýunça jikme-jik düşünje almaga, şeýle hem taslamanyň tehniki-ykdysady görkezijilerini bilmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa taslamanyň bolmagynyň resminamalaýyn tassyklamasyny berýär.

90%

GEÇIRME WE GURNAMA

Desganyň gurluşygy we taslamanyň ýerine ýetrilmeginiň indiki gözegçiligi.

100%

DESGANYŇ TABŞYRYLMAGY

Taýýar desgany ulanyşa tabşyrmak.

BIZIŇ HYZMATLARYMYZ

BIZ NÄME EDÝÄRIS

Islendik çylşyrymlylyk derejesindäki taslamalary güýjümizi, ussatlygymyzy we tejribämizi doly ulanmak bilen gurýarys hem-de durmuşa geçirýäris. Biziň hünärmenlerimiz islendik işi kämillige ýetirip bilýärler, adaty bolmadyk meseleleri çözmäge döblueijilikli çemeleşýärler.

Taslama düzülende, gurluşykda we durkuny täzelemekde, şeýle hem zawodlar tehnologiki taýdan dolulygyna gaýtadan enjamlaşdyrylanda taslamasy düzülýän senagat jaýlarynyň öz häsiýetli aýratynlyklary bolup, olary dürli kärhanalaryň önümçilik sehleri üçin gurluşyk taslamalary işlenip düzülende nazara almak zerurdyr.

Taslamanyň taýýarlanylmagy geljekki önümçilik işiniň ähli düzüjilerini saýlamakdan başlanýar, olar seh jaýynyň ölçeglerine laýyklykda desganyň berlen meýdanynda mümkin boldugyndan amatly edip ýerleşdirilmelidir. Bu minimal ykdysady harajatlar we wagtlaýyn çykdajylar bilen ygtybarly, öndürijiliklii we uzak möhletleýin kärhanany döretmek üçin zerurdyr.

design

TASLAMALAŞDYRMA

"Türkmen enjam" HJ ulanyşa doly taýýar etmek boýunça taslamalaşdyrma hyzmatlaryny hödürleýär. Taslamalaşdyrma – bu belli bir düzümi, ýagny döwürleriniň hem-de tapgyrlarynyň yzygiderliligi we düzümi, iş tertipleriniň hem-de çekilýän tehniki serişdeleriň jemi bolan işdir. Dürli çylşyrymlylyk derejesindäki taslamalary durmuşa geçirmek tejribesi, taslama işleriniň awtomatlaşdyrylmagynyň ýokary derejesi, şeýle hem taslama resminamalaryny dolandyrmagyň ýola goýlan ulgamy biziň kompaniýamyzyň hünärmenlerine gysga möhletlerde ýokary hilli taslama resminamalaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

construction

GURLUŞYK

"Türkmen enjam" HJ häzirki zaman tehnologiýalary boýunça senagat we raýat desgalarynyň gurluşygy bilen meşgullanýar. Ýokary hilli gurluşygyň köpýyllyk tejribesine esaslanyp, biz dünýäniň häzirki zaman tehnologiýalary boýunça desgalary bina edýäris. Hut ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň HILI biziň işimiziň esasy häsiýetnamasydyr. "Türkmen enjam" HJ özüniň her bir buýrujysy üçin hünär ussatlygynyň, ygtybarlygyň we aýdyňlygyň girewi bolmak bilen, islendik çylşyrymlykdaky we gerimdäki desgalary gurmak boýunça buýruja iň gowy hyzmatlary hödürlemegi özüne maksat edinýär.

reconstruction

DURKUNY TÄZELEME

"Türkmen enjam" HJ-niň binalaryň we desgalaryň durkuny täzelemekde uly tejribesi bar: niýetlenilen ugruny bölekleýin ýa-da doly üýtgetmek maksady bilen gaýtadan salmak, täze netijeli enjamlary gurnamak, çäkdäki jaýlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak, häzirki zaman ösen kadalaşdyryjy talaplara gabat getirmek. Kärhanalaryň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy geçirilende hem binalaryň we desgalaryň durkuny täzelemek amala aşyrylýar, bu bolsa durkuny täzelemek boýunça işler tamamlanandan soňra önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga ýol berýär. Durkuny täzelemek jaýlaryň gurluşynyň üýtgedilmegini we beýikliginiň artdyrylmagyny, gurluşlaryň berkleşdirilmegini, bölekleýin sökülmegini we çalşyrylmagyny, şeýle hem üstünden salynmagyny, goşmaça jaýlaryň gurulmagyny we binalaryň öň tarapynyň gowulandyrylmagyny öz içine alýar.

BIZIŇ HOŞAL MÜŞDERILERIMIZ

Müşderileriň biz hakda ýazýanlary

Туркменнебит

Hemme işler Türkmenistanyň GKweD, Ýewropa standartlaryna laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirildi. Ýerine ýetirilen işleriň hili "Körpeje" GÇM-niň düýpli gurluşyk bölümi tarapyndan barlanylyp, "Türkmen enjam" HJ-niň ýerine ýetiren işlerine gowy baha berildi.

"Türkmennebit" döwlet konserni
GP Global Equipment Limited

"GP Global Equipment Limited" kompaniýasy (Аngliýa) "Türkmen enjam" HJ-ni gurluşyk we elektrogurnama işlerini ýerine ýetirmek boýunça işewür hyzmatdaş hökmünde maslahat berýär.

GP Global Equipment Limited
img03

Hyzmatdaşlyk döwründe "Türkmen enjam" HJ özüni hemme işleri ýokary hilli we möhletinde ýerine ýetirýän işine ökde, hyzmata taýyn firma hökmünde tanatdy. Biz gurluşyk we elektrogurnama işleri üçin "Türkmen enjam" HJ-ni maslahat berýäris.

BIZIŇ TASLAMALARMYZ

IRI PANELLI JAÝ GURLUŞYK ZAWODYNYŇ DURKUNYŇ TÄZELENILMEGI

  • Önümçilik sehleriniň täzelenen bezegi we häzirki zaman tehnologiki prosesler
  • Paletleriň täze görnüşleri we DB panelleriniň taýýarlanylmagy üçin kasseta görnüşleri
  • Täzelenen ýokary tehnologiki enjamlar, häzirki zaman tehnikalar we prosesiň gurallary
  • Dürli gurluşdaky täzelenen awtomatlaşdyrylan kranlar we beýleki göteriji mehanizmler
  • Hemmesi
  • Gurluşyk
  • Täzelenme

TEHNIKA WE ÖNÜMÇILIK

Ýokary hilli tehnika we enjamlar.

vehicle

ÝERDE WE SUWDA IŞLEÝÄN EKSKAWATOR (Bell­-­Caterpillar)

ENJAMLARYŇ KONSTRUKTIW ELEMENTLERI
  • Ekskawator ştabeleri
  • Ekskawatordaky wibrasion çekiç
MÜMKINÇILIKLER
  • Suwda we gury ýerde ýer işlerini alyp barmak mümkinçiligi
  • Gidrawliki wintleriň kömegi bilen suwda ýöremek mümkinçiligi

TURBALARYŇ ÖNÜMÇILIGI

  • Ýokary basyşly suw geçiriji turbalary we gaz geçiriji turbalary
  • Elektrogurnama işleri üçin elektrogoragly materialdan maýyşgak gofrirlenen turbalar
  • Basyşsyz turba geçrijileri üçin iki gatly profilirlenen diwarly turbalar
vehicle

BIZIŇ HYZMATDAŞLARYMYZ

BIZIŇ HYZMATDAŞLARMYZ HAKYNDA GYSGAÇA MAGLUMAT

Taslamalaşdyrmagyň, gurluşygyň we önümçiligiň hemme ugurlarynda uly tejribesi bolan kompaniýalar biziň hyzmatdaşlarymyzdyr.
Bu işleriň ýokary derejesini we ygtybarlylygyny kepillendirýär.

logo
logo
logo
logo
logo
logo
logo
logo
logo
logo
logo
logo
logo
logo
logo