.:: Esasy sahypa » HOJALYK JEMGYÝETI
Яндекс.Метрика
HOJALYK JEMGYÝETI BARADA

“Türkmen Enjam” Hojalyk jemgyýeti - türkmen gurluşyk kärhanasy bolup, 2007-nji ýylda esaslandy. “Türkmen Enjam” Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşiginiň agzasy bolup durýar.

Hojalyk jemgyýetiň asyl maksady we esasy ýörelgeleri üç esasy ugurlara esaslanýar. Ol ugurlaryň birinjisi – başarnykly önümçilik bolup durýar, bu bolsa gysga wagtyň içinde gaýtadan düzedilip bilmekligidir. Ikinjisi – energetiki taýdan hasda oňaýly bolmaklygydyr, bu bolsa öz gezeginde harydyň özüne bolan çykdaýjysyny azaldyp bäsdeşlige ýaramlylygyny artdyrýar. Üçinji - önümçilik awtomatizirleşen hem-de kompýuterizileşen bolmagydyr, bu hem öz gezeginde harydyň hilini ýokarlandyrmaga, iş ýagdaýlaryny we önümçiligi kämilleşdirmäge itergidir.

“Türkmen Enjam” Hojalyk jemgyýetinde ussat hünärmenler topary işleýär: inženerlar,arhitektorlar we taslamaçylar, olar zawodyň toplumlaýyn taslama işlerini taýýarlap, buýuryjy tarapynda goýulan enjamlary saýlama we düzüliş meselelerini doly ýerine ýetirip biljek ussat hünärmenleri zähmet çekýär.

“Türkmen Enjam” Hojalyk jemgyýeti kärhanalaryň toplumlaýyn modernizasiýalaşdyrma we ony durmuşa geçirme tertibini taýýarlaýar hem-de enjam saýlap seçmegi, önümçilik toplumlary gurmakda (gutarnykly tabşyrmaklyk) we bar bolan kärhanalaryň rekonstruksiýasy işlerini ýerine ýetirýär.

Bular ýaly rekonstruksiýalar birinji nobatda awtomatizasiýa we komýuterizasiýa bilen abzallaşdyrylan ähli enjamlary gerekli möçberde bir topluma baglaýar, hem-de energoresurs harajatlaryny azaltýar bu bolsa önümçiligiň özüne bolan çykdaýjysyny azaldyp kärhananyň bazar bäsdeşliginde ýaramlylygyny artdyrýar.

Ýewropanyň öňde barýan kompaniýalary “EBAWE” Germaniýa, “EUROMEСС” Italiýa we “PROGRESS” innowasion ugurlary ýaşaýyş gurluşygynda industrialleşdirmek bilen birlikde işläp alan tejribämizi Türkmenistanyň Senagaty Ministrliginiň zawodlaryny, Türkmenistanyň Oba hojalyk we Suw hojalyk Ministrliginiň zawodlaryny we Daşoguz welaýat häkimliginiň KPD zawodyny rekonstruksiýasynda durmuşa geçirdik.

Bu işleriň çäklerinde Türkmenistanyň we dünýä standartlaryň talaplaryna laýyk gelýän awtomatizirlenen we kompýuterizirlenen ýokary tehnologiki we häzirki zaman enjamlary gurnaldy.